
Halkara ýeňiş
Sagdynlygy we ruhubelentligi berkarar etmegiň ilkinji şerti hökmünde sporty, köpçülikleýin bedenterbiýäni ösdürmek möhümdir. Şeýle bolansoň, sagdyn durmuşyň tarapdary Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen Türkmenistan halkara sport hyzmatdaşlygynyň mekany hökmünde özüni dünýä tanatmagy başardy.
Soňky ýyllarda türkmen türgenleriniň gazanýan uly ýeňişleri, görkezýän ýokary netijeleri muny doly tassyklaýar.
2025-nji ýylyň 8-11-nji maýy aralygynda Polşa Respublikasynyň Pulawy şäherinde sportuň Fudokan Karate görnüşi boýunça Dünýä çempionaty geçirildi.
Ýaryşda şahsy tutluşyk 80+ kg agram derejesinde Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň Balkanabat bölüminiň “Nebit senagaty” fakultetiniň Nebitgaz känlerini özleşdirmek we ulanmak hünäriniň 2-nji ýyl talyby Begjanow Hemra üstünlikli çykyş edip, I orna eýeläp Ýaşyl Tugumyzy belende göterdi.
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersiteti