TÄZELIKLER

img

Hytaý Halk Respublikasynyň Şensi prowinsiýasynyň Sian şäherinde 2025-nji ýylyň 20- 26-njy maý aralygynda Şensi prowinsiýasynda iş sapary gurnaldy.

26 Maý 2025

      Türkmenistanyň Hormatly Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň parasatly ýolbaşçylygynda alnyp barylýan içeri we daşary syýasaty, durmuşa geçirýän döwrebap özgertmeleri, il-ýurt bähbitli, halkara ähmiýetli taslamalary, halkara hyzmatdaşlygynyň uzak geljegini nazarlaýan täzeçe ynsanperwer çemeleşmeleri netijesinde Türkmenistan Watanymyzyň, merdana halkymyzyň abraý-mertebesi dünýäde has-da belende galýar.

      Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda ýurdumyzda durmuş-ykdysady, medeni ugurlar bilen bir hatarda bilim ulgamyny ösdürmek babatda hem iňňän möhüm işler alnyp barylýar. Bilim ulgamynda halkara hyzmatdaşlygy has-da giňeldilýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwri ýurdumyzyň bilim ulgamynda innowasion özgertmeleriň durmuşa ornaşdyrylýan döwri hökmünde taryha girýär.

      Hytaý Halk Respublikasynyň Şensi prowinsiýasynyň Sian şäherinde 2025-nji ýylyň 20- 26-njy maý aralygynda Şensi prowinsiýasynyň Bilim departamenti tarapyndan gurnalan “Ýüpek ýolunyň ugrunda senagat, bilim gözleg we amaly hyzmatdaşlyk – 2025” atly halkara maslahatyna Şensi prowinsiýasynyň Bilim departamentiniň çakylygy boýunça we Türkmenistanyň Hökümetiniň çözgüdi esasynda ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinden jemi 7 sany wekil gatnaşdy.

      “Ýüpek ýolunyň ugrunda senagat, bilim gözleg we amaly hyzmatdaşlyk - 2025” atly halkara maslahatynyň maksady Beýik Ýüpek ýolynyň ugrundaky ýurtlarynyň arasyndaky bilim pudagynda hyzmatdaşlygy we alyş-çalşygy çuňlaşdyrmak we dünýäniň bilim pudaklarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň geljegini ara alyp maslahatlaşmak, Hytaý medeniýeti bilen tanyşdyrmak, bilim pudagyna ornaşdyrylan täze innowasion tehnologiýalar bilen tanyşmak we ýokary okuw mekdepleriniň arasynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakdan ybarat boldy.

      Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň wekili 2025-nji ýylyň 21-nji maýynda Aşgabadyň halkara howa menzilinden Hytaý Halk Respublikasynyň Sian şäheriniň halkara howa menziline geldi. We şol gün bellige we hasaba alyş işleri amala aşyryldy.

      2025-nji ýylyň 22-nji maýynda Sian şäherinde günüň birinji ýarymynda Sianyň Demirgazyk-Günbatar uniwersitetiniň wekilýeti bilen resmi duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň dowamynda bilim pudagynda hyzmatdaşlygy we dünýäniň bilim pudaklarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň geljegini ara alyp maslahatlaşmak, bilim pudagyna ornaşdyrylan täze innowasion tehnologiýalar bilen tanyşmak we ýokary okuw mekdepleriniň arasynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak barada meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar. Duşuşygyň soňynda Türkmen Halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň “Türkmenistan – Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” atly kitabyny Sianyň Demirgazyk-Günbatar uniwersitetine ýadygärlik sowgat berildi.

img

      Günüň dowamynda Sianyň Demirgazyk-Günbatar uniwersitetiniň tejribehanalarynda ýerine ýetirilýän ylmy-barlag işleriniň görnüşleri we uniwersitetiň taryhy muzeýi bilen tanyşdyk.

img

      Günüň ikinji ýarymynda maslahata gatnaşyjylar hasaba alyndy we “Ýüpek ýolunyň ugrunda senagat, bilim gözleg we amaly hyzmatdaşlyk – 2025” atly halkara maslahatyň açylyş dabarasy boldy we Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň wekili Türkmenistanyň wekilýetiniň adyndan gutlag sözlerini aýtdy.  

img
img

      2025-nji ýylyň 23-nji maýynda günüň dowamynda maslahat meýilnama boýunça bölümçelerde dowam etdirildi. Maslahatyň dowamynda hytaý hünärmenleri we beýleki döwletlerden gelen wekiller bilen özara pikir alyşylyp, tejribeler öwrenildi.

      Maslahatyň çäklerinde Demirgazyk-Günbatar uniwersitetiniň rektory bilen türkmen wekiliýetiniň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşykda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary, hususan-da, ylym-bilim ulgamyndaky hyzmatdaşlyk barada özara pikirler alşyldy. Mundan başga-da taraplar ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň we HHR-iň Demirgazyk-Günbatar uniwersitetiniň arasyndaky hyzmatdaşlygy has-da ösdürmek babatda birnäçe teklipler ara alnyp maslahatlaşyldy.

img

      2025-nji ýylyň 24-nji maýynda türkmen wekiliýeti howa gatnawlary arkaly Türkmenistana ugrady.

      Netijede, Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň wekili Hytaýyň medeniýeti bilen tanyşdylar, nebitgaz işi barada tejribe toplamak we ýokary okuw mekdepleriniň arasynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga gönükdirilen işlere işjeň gatnaşdylar.

      Türkmenistanyň Prezidenti Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň esasy aladasynyň biri – ýaşlarymyza, dünýä ülňülerine laýyk gelýän döwrebap bilim bermekdir. Ýokary okuw mekdebimiziň ýokary bilim ulgamyndaky reýtinglere gatnaşmagy, talyp ýaşlarymyza dünýä ülňülerine gabat gelýän tehnologiýalardan peýdalanmaga, daşary ýurtlara gidip ylmyň täze gazananlaryny öwrenmäge hem-de daşary ýurtlardan gelýän professor-mugallymlaryň sapaklaryna gatnaşmaga mümkinçilikleri döredýär.

      Bize daşary ýurtlaryň abraýly ugurdaş ýokary okuw mekdepleri, kompaniýalary, ylmy-barlag merkezleri bilen ylym-bilim ulgamynda hyzmatdaşlyk etmek hem-de tejribe alyşmak boýunça döredýän mümkinçilikleri üçin Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp sagbolsunlarymyzy aýdýarys. Goý, Gahryman Arkadagymyzyň, Hormatly Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, Belent başlary aman bolsun, il-ýurt bähbitli, döwlet ähmiýetli alyp barýan işleri hemişe rowaçlyklara beslensin!