TÄZELIKLER

img

Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň talyp-göreşçiniň üstünligi

28 Maý 2025

 Türkmenistanyň sport äleminde belent abraýa eýe bolmagy Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda bu ugra aýratyn üns berilýändigini aýdyň görkezýär. Türkmenistan häzirki wagtda ösen sport ulgamly, dünýä derejesindäki ýaryşlary üstünlikli geçirmäge ukyply ýurt hökmünde tanalýar.

    Ýaşlary bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmaga giňden çekmekde, sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz etmekde Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň mugallymlary netijeli işleri alyp barýarlar. Olar bedenterbiýäniň we sportuň sazlaşykly ösmegine we ýaş türgenleriň kemala gelmegine mynasyp goşantlaryny goşýarlar.

   2025-nji ýylyň 23-24-nji maýy aralygynda Hindistan Respublikasynda sportuň alyş göreşi boýunça Halkara ýaryş geçirildi. Ýaryşda uniwersitetimiziň Ykdysadyýet we dolandyryş fakultetiniň 3-nji ýyl talyby Garagulow Umyt 60 kg agram derejesinde üstünlikli çykyş edip II orna mynasyp boldy.

   Bu üstünlik ýurdymyzda sportuň täze belentliklere çykmagy üçin öňde goýlan wezipeleriň üstünlikli durmuşa geçirilýändigini aýdyň beýan edýär.

                                                                                                                                                                                                                                         Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersiteti