
Yzygiderli ýeňiş
Halkymyzyň dünýä meşhurlygyna eýe bolan şahsyýetleriniň ählisi hem öz mynasyp derejelerini pederleriniň we halkynyň bildirilen ynamy ödemegiň hötdesinden gelmek arkaly gazanypdyrlar. Hiç bir ýeňiş, hiç bir derejäni yhlassyz gazanmak mümkin däl. Ynam bolsa, ynsan kalbynda yhlas oýaryjy jadyly güýçdür.
2025-nji ýylyň maý aýynyň 20-22-i aralygynda Özbegistan Respublikasynyň paýtagty Daşkent şäherinde sportuň suwda ýüzmek görnüşi boýunça Merkezi Aziýanyň 1-nji Açyk çempionaty geçirildi. Ýaryşa Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň Geologiýa fakultetiniň 2-nji ýyl talyby Žalaýew Musa hem gatnaşdy.
Žalaýew Musa 200 metre erkin ýüzmekde 1 min 58 sekunt wagt görkezip ýaryşda mynasyp II orny eýelemegi başardy.
“Halkara parahatçylyk we ynanyşmak” ýylynda gazanylan şeýle ajaýyp üstünlikleriň gözbaşynda Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bar.
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersiteti