Kanselýariýa
Kanselýariýanyň işiniň esasy ugurlary
Kanselýariýanyň esasy işleri:
- uniwersitetde iş dolandyrylyşynyň işini guramak;
 - uniwersitetde resminamalary alyp barmagyň birkysmy görnüşini üpjün etmek;
 - uniwersitetiň bölümlerinde degişli işleri dolandyryşyň usulyýetini guramak;
 - arhiwe gowşurmak üçin resminamalaryň öz wagtynda ýerine ýetirilmegine we taýýarlanmagyna gözegçilik etmek;
 - resminamalar bilen işlemegiň görnüşlerini we usullaryny gowulandyrmak.
 
Kanselýariýanyň funksiýalary:
- uniwersitetde iş dolandyrylyşyny alyp barmak;
 - gelýän we gidýän hatlaryň öz wagtynda işlenmegini, barmaly ýerine gowşurylmagyny üpjün etmek;
 - resminamalaryň ýerine ýetiriliş möhletine, olaryň dogry taýýarlanmagyna gözegçilik etmek;
 - resminamalary bellige alyş, hasaba alyş, saklanyş we degişli bölümlere geçirmek boýunça işleri guramak;
 - uniwersitetde iş dolandyrylyşy alyp barmak boýunça görkezmeleri işläp düzmek we olary durmuşa geçirmek;
 - uniwersitetiň bölümlerinde iş dolandyrylyşyny guramagyň usuly görkezmelerini işläp taýýarlamak;
 - işleriň amala aşyrylmagyna gözegçilik etmegiň netijelerine esaslanýan resminamalary ýerine ýetirmegiň möhletleriniň berjaý edilişi barada hasabatlary taýýarlamak.
 
Kanselýariýanyň hukuklary:
- kanselýariýanyň ygtyýarlyklaryna degişli meseleler boýunça uniwersitetiň gurluş bölümlerine görkezmeler bermäge;
 - uniwersitetiň gurluş bölümlerinden aşakdakylary talap etmäge:
 - resminamalar bilen işlemek üçin kesgitlenen düzgünleriň dogry ýerine ýetirilmegine;
 - resminamalaryň, görkezmeleriň we çözgütleriň ýerine ýetirilişi barada maglumat almaga;
 - tabşyryklary we çözgütleri öz wagtynda ýerine ýetirmäge;
 - iş dolandyrylyşyň düzgünleri bozulyp, pes hilli taýýarlanan resminamalary düzetmek üçin yzyna gaýtarmaga we berlen bellikleri göz öňünde tutup, resminamalaryň gaýtadan düzedililşini gözegçilikde saklamaga;
 - uniwersitetiň gurluş bölümlerinde iş dolandyrylyşynyň guralyşyna barlag geçirmäge;
 - kanselýariýanyň ygtyýarlyklaryna degişli meseleler boýunça maslahat (düşündiriş, teklip) bermäge.
 
Habarlaşmak üçin:
- Salgysy: 744036, Türkmenistan, Aşgabat ş., Arçabil şaýoly, 8, Baş bina, 3-nji gat, otag 313
 - Tel: (+99312) 39-14-15
 - Faks: (+99312) 39-14-00
 - E-mail: iuog@sanly.tm
 - Web-saýt: iogu.edu.tm