TÄZELIKLER

img

Magtymgulynyň döredijiligi – türkmen medeniýetiniň pähim – paýhasy

20 Iýun 2025

    2025-nji ýylyň 20-nji iýunynda Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetinde Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli “Magtymgulynyň döredijiligi - türkmen medeniýetiniň pähim-paýhasy” atly ylmy-amaly maslahaty geçirildi.

    Maslahatyň umumy mejlisinde uniwersitetiň professory N.Suwhanow Magtymguly şahyryň filosofiki mirasyny öwrenmegiň ähmiýetliligi barada birnäçe täsirli çykyşlary etdi. Soňra uniwersitetiň uly mugallymy G.Saparowa Magtymguly Pyragy ynsaplylyk barada, edep terbiýe barada, dost doganlyk gatnaşygy barada hem-de ýaşlaryň taryhy we medeni garaýyşlary we olaryň ähmiýetliligi barada çuňňur manyly düşünjelere eýe bolan jümleler bilen çykyş etdi. Soňra – Şygyr bilen gürlän akyldar barada, Pyragynyň şygryýet äleminde – sungatyň ösmegine täsiri barada Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň mugallymlary J.Sapargulyýewa hem-de M.Kullaýewa birnäçe täsirli çykyşlary ýerine ýetirdiler.

    Ylmy-amaly maslahat öz işini umumy mejlisden soňra 8 sany bölümçelerde dowam etdirmegi bilen, bu maslahatda jemi 163 sany çykyşlary diňlemeklik meýilleşdirildi. Olar uniwersitetimiziň mugallymlarynyň, talyplarynyň hem-de myhmanlaryň çykyşlaryndan ybaratdyr. Medeniýet we sungat işgärleriniň güni hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli bu ylmy-amaly maslahatda birnäçe gyzykly temalar bilen baglanyşykly çykyşlar ýerine ýetirilip, maslahatyň maksatnamasyna laýyklykda diňlenilmeli çykyşlaryň ählisi derwaýys meselelere bagyşlanypdyr. Maslahat işjeň ýagdaýda geçip, çykyş edenler bilen diňleýjileriň arasynda birnäçe sorag-jogaplar alşyldy. Çykyşlardan soň pikir alyşmalar we ara alyp maslahatlaşmalar gyzgalaňly ýagdaýda geçdi.

    Ylmy-maslahata gatnaşyjylar işlemäge, okamaga uly mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň beýik başlangyçlarynyň elmydama rowaç bolmagyny, janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, bolmagyny arzuw etdiler.

Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersiteti