TÄZELIKLER

img

Türkmenistanyň Konstitusiýasy we Döwlet baýdagy halkymyzyň gadymylygyny we berkararlygyny alamatlandyrýan gymmatlyklarydyr

15 Maý 2025

      2025-nji ýylyň 12-nji maýynda Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetinde Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli “Türkmenistanyň Konstitusiýasy we Döwlet baýdagy halkymyzyň gadymylygyny we berkararlygyny alamatlandyrýan gymmatlyklarydyr” atly ylmy-amaly maslahaty geçirildi.

      Maslahatyň umumy mejlisinde uniwersitetiň professory N.Suwhanow Türkmen döwletiniň berkararlygyna, ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyna uly goşant goşjak inženerleriň täze neslini ýetişdirmek meselesi barada we Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda bilen ýurdumyz ykdysady, syýasy, sosial we medeni taýdan uly ädimler bilen öňe barýandygyny we bu meselede ýaşlara Hormatly Prezidentimiz tarapyndan uly ynam bildirilýändigini belläp geçdi. Soňra uniwersitetiň uly mugallymy G.Saparowa Konstitusiýamyz we baýdagymyz – bagtyýarlygyň nyşanlarydygyny belläp, ýurdumyzyň bitaraplygynyň, döwlet baýdagynyň taryhy ähmiýetliligi barada çykyş etdi. Konstitusiýamyzyň we Döwlet baýdagymyzyň mizemez mukaddeslikleri barada uniwersitetiň mugallymlary M.Kullaýewa, M. Kakalyýew öz çykyşlarynda buýsanç bilen belläp geçdiler.

      Ylmy-amaly maslahat öz işini umumy mejlisden soňra 8 sany bölümçelerde dowam etdirdi. Çykyş edenler Türkmenistanyň Konstitusiýasy we Döwlet baýdagy halkymyzyň gadymylygyny we berkararlygyny alamatlandyrýan gymmatlyklardygyny, nyşanlarda ýerleşdirilen aýyň, ýyldyzlaryň, gölleriň, bugdaýyň we birnäçe şekilleriň bolmagynyň aňyrsynda çuňňur manyly taryhlaryň ýatandygyny belläp geçdiler. Işjeň ýagdaýda geçen maslahatda çykyş edenler bilen diňleýjileriň arasynda sorag-jogaplar we gyzykly pikir alyşmalar boldy.

      Ylmy-maslahata gatnaşyjylar dünýäde parahatçylygy pugtalandyrmak baradaky Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň beýik başlangyçlarynyň elmydama rowaç bolmagyny, janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, bolmagyny arzuw etdiler.

                                                                                                                                            Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersiteti