
Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli baýramçylyk konserti geçirildi.
2025-nji ýylyň 3-nji maýynda Uniwersitetimiziň Bilim daragty meýdançasynda Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli baýramçylyk konserti geçirildi. “Gara Altyn” çeper höwesjeňler toparynyň taýýarlan döwlet baýdagymyzyň waspyny ýetirýän çeper okaýyşly kompozisiýalary, aýdym-sazlary şeýle-de çykyşlary görkezildi. Dabaranyň dowamynda talyp ýaşlar Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza döredilip berilýän giň mümkinçilikler üçin hoşallyk sözlerini aýtdylar.
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersiteti